Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Astana şäherine bardy

09:4603.11.2023
0
23904

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapar bilen ugrady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystan Respublikasynyň we ýurduň resmi adamlary garşyladylar.

Habarda bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy meýilleşdirilýär.

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşuldy we häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär.

Gahryman Arkadag Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu düzümiň işine işjeň gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň