Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: "Arkadag" futbol topary 22-nji duşuşygynda 22-nji ýeňşini gazandy

22:4402.11.2023
0
22242

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 20-nji tapgyrynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul etdi. Paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda ýaryş tertibiniň birinji we iň soňky orunlaryny eýeleýän iki toparyň arasynda geçirilen duşuşykda derwezelere 5 pökgi girdi.

Ýer eýeleri 16-njy minutda Şanazar Tirkişowyň, 28-nji minutda bolsa Didar Durdyýewiň (11 metrlik jerime urgusy) geçiren gollary bilen öňe saýlanan hem bolsalar, «Şagadam» tejribeli ýarym goragçysy Yhlas Magtymowyň 64-nji we 83-nji minutlardaky gollary bilen hasaby deňledi. Ýaryşyň iň ahyrky basgançagyndaky topar bilen deňme-deň oýnamakdan «Arkadag» toparyny diňe Begmyrat Baýowyň 96-njy minutda dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy halas etdi. Şondan bir minut öň bolsa emin Akmyrat Gurbanow gödek hereketi üçin «Şagadamyň» futbolçysy Muhammet Şyhyýewe sary duýduryş kartyny berdi.

Bu ýeňişden soň «Arkadag» futbol topary utugyny 51-e çykaryp, ýaryş tertibiniň başyny çekmegini dowam edýär. Topar häzir ikinji orundaky bäsdeşi «Altyn asyrdan» 13 utuk öňde. «Şagadamyň» bolsa 17 duşuşykda toplap bilen utugam, ýaryş tertibindäki ornam 9-a deň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň