Top.Mail.Ru

Daşkentde YHG-niň ministrler duşuşygynda Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri tanyşdyryldy

17:4102.11.2023
0
24965

2-nji noýabrda Özbegistanyň paýtagtynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki 12-nji duşuşygynyň mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistandan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekiliýeti gatnaşdy diýip, «Orient.tm» habar berýär.

Duşuşykda söwda we ulag aragatnaşygy pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, sebitde bar bolan ulag geçelgelerini ösdürmek we täzelerini döretmek, olaryň netijeli ulanylmagy we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň bu meseleler babatdaky ýurduň ulag pudagynda netijeli hyzmatdaşlyga bolan islegine esaslanýan pozisiýasy tanyşdyryldy. Bu maksatlar üçin milli ulag infrastrukturasy işjeň ösýär, Hazar deňzinde ýollaryň we demir ýollaryň, port desgalarynyň gurluşygyna uly maýa goýumlary goýulýar, munuň netijesinde bolsa halkara logistika we ýük tranzitinde Türkmenistanyň orny berkeýär.

Türkmenistan Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň duşuşykda belleýşi ýaly, Ýewraziýanyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän halkara ulag geçelgelerinde möhüm baglanyşyk bolup, onuň özboluşly geografiki pozisiýasy bar.

Şunuň bilen baglylykda, «Gazagystan — Türkmenistan — Eýran» demir ýolunyň söwda we üstaşyr geçişde, beýleki sebit we halkara ulag geçelgelerine birikmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Demirgazyk — Günorta HUG ugrunda eýýäm konteýner otlusy işe girizildi. Deslapky çaklamalara görä, 2025-nji ýyla çenli diňe Russiýanyň bu ýoluň gündogar şahasy boýunça eksport gatnawynyň umumy mukdary ýylda 5 million tonnadan gowrak bolup biler.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekili duşuşyga gatnaşyjylara düýn «Balkan» gämi abatlaýyş kärhanasynyň Koreýa deňiz enjamlary assosiasiýasy (KOMEA) bilen 6,1 müň tonna suwa batyşly Multi Purpose Carriers gämileri üçin zerur bölekleri dizaýn etmek, bilelikde gurmak we hemmetaraplaýyn üpjün etmek boýunça şertnama baglaşandygyny habar berdi.

Mundan başga-da, ÝÖB-e görä, 2021-nji ýylda 2000-nji ýyl bilen deňeşdirilende görkezijileriň göterimi hökmünde Türkmenistan jemgyýetçilik ýollarynyň uzynlygynyň ýokarlanmagy boýunça birinji orunda durýar. Şunuň bilen baglylykda, uzynlygy 600 km bolan Aşgabat — Türkmenabat ýolunyň dowam edýän gurluşygy barada aýdyldy. Onuň uzynlygy 254 km bolan Aşgabat — Tejen bölümi geçen ýyl işe girizildi.

Ministrler duşuşygynda Türkmenistanyň YHG-niň çäginde beýleki ýurtlar bilen mundan beýläkki hyzmatdaşlyga taýýardygy we ulag pudagynda halkara gatnaşyklary güýçlendirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy mälim edildi.

Bu çäräniň çäginde Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň ulag we demirýol administrasiýalary babatynda degişli ministrlikleriň wekilleriniň köptaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Ol «Hytaý — Gazagystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe — Ýewropa» halkara multimodal ýolunyň emele gelmegine bagyşlandy. Duşuşygyň netijesinde degişli Teswirnama gol çekildi.

Ýeri gelende bellesek, şu günler Daşkentde 19-njy halkara «Ulag we logistika — TransLogistica Uzbekistan 2023» sergisi geçirilýär. Oňa Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň