Türkmenistanda geçiriljek türk harytlarynyň sergisine 100-den gowrak türk kompaniýasy gatnaşar

13:1630.10.2023
0
18061

Türkiýäniň işewür toparlary 6 — 8-nji dekabrda Aşgabatda Türkmen-türk hökümetara ykdysady toparynyň mejlisiniň çäklerinde geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine uly gyzyklanma bildirýärler. Muny Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygyna we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ankara amala aşyran resmi saparyna bagyşlanan metbugat maslahatynda mälim etdi.

Diplomat Türkiýedäki 100 öňdebaryjy kompaniýanyň wekillerinden eýýäm gatnaşmak üçin ýüztutmalaryň hasaba alnandygyny we bu sanawyň forumyň başynda ep-esli artyp biljekdigini aýtdy. Çynlakaý çärä taýynlyk babatda öňde duran meseleler strategik ähmiýete eýe we şu nukdaýnazardan depginli işler alnyp barylýar diýip, centralasia.news belleýär.

Bu nukdaýnazardan türk syýasatçysy soňky 4 ýylda 3 esse ýokarlanan söwda mukdaryny ýatlap geçdi. Onuň belleýşi ýaly, geçen ýyl 2,1 milliard dollar görkeziji bilen tamamlandy we şu ýyl bu görkeziji 9 aýda gazanyldy.

Ýylyň ahyryna çenli ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady dolanyşyk 3 milliard dollara ýeter diýlip garaşylýar diýip, ilçi belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň