Lýuksemburgda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ministrler derejesindäki 19-njy «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşyga ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleri hem gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň iş saparynyň çäginde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar meýilleşdirilýär. Olara ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.