25-26-njy oktýabr günlerinde Özbegistanyň Samarkant şäherinde Utgaşdyryjy toparyň 42-nji mejlisi we Merkezi Aziýa Utgaşdyryjy elektrik energetikasy geňeşiniň 40-njy mejlisi geçiriler. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşar. Bu barada Özbegistanyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Habar berlişi ýaly, foruma Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň energetika ministrlikleriniň we degişli edaralarynyň ýolbaşçylardyr hünärmenleri gatnaşarlar. Şeýle-de foruma rus wekiliýetiniň hem synçy hökmünde gatnaşmagyna garaşylýar. ýöriteleşdirilen guramalaryň we gurluşlaryň wekilleri geler. Bu çärä rus hünärmenleri synçy hökmünde gatnaşarlar.
Mejlisiň dowamynda Merkezi Aziýa sebitinde 2023/2024-nji ýyllaryň güýz-gyş möwsümine görülýän taýýarlyklar, bu ugurda edilen işler, goýberilen kemçilikler we olary düzetmek üçin kabul edilen çözgütler düýpli seljeriler.
Şeýle hem, güýz-gyş möwsüminde Merkezi Aziýanyň halkalaýyn elektrik ulgamynda elektrik üpjünçiliginiň durnuklylygyny üpjün etmek üçin zerur tejribeler, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini elektrik geçiriji ulgamlara birikdirmek hem-de sebitde suw serişdelerini tygşytly ulanmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.