Turkmenportal logo
20.10.23
4255042550
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli festiwal geçiriler
Türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli festiwal geçiriler

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.


Wise-premýeriň bellemegine görä, meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwaly geçirmäge taýýarlyk görülýär.


Festiwaly şu ýylyň 27-28-nji oktýabry günlerinde ýurduň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde guramak meýilleşdirilýär.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kompozitor Nury Halmämmedowyň eserleriniň ýokary ussatlygyň nusgasy bolup durýandygyny hem-de türkmen halkynyň ruhy mirasynyň sanawyna we dünýäniň saz sungatynyň hazynasyna hemişelik girendigini belledi.


Döwlet Baştutany wise-premýer M.Mämmedowa bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy.