Hormatly jenap Başlyk!
Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!
Ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly Si Szinpine “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyny çagyrmak başlangyjy, onuň ýokary derejede guralandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
Bu duşuşygyň geçirilmegi örän derwaýys we zerur wakadyr. Soňky döwrüň ýagdaýlary — pandemiýa, durnuksyzlygyň artmagy, ynanyşmagyň peselmegi ählumumy ykdysady işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirdi, özara arabaglanyşykda kynçylyklary ýüze çykardy, durnukly ösüş ulgamynda meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň netijeliligini peseltdi. Şu ýaramaz ýagdaýlary ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi, hoşmeýilli erk-islege daýanýan döredijilikli, oňyn gün tertibini berkarar etmek işinde olaryň raýdaşlygy, jogapkärçiligi we öňdengörüjiligi talap edilýär.
Şu nukdaýnazardan, “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” türkmen strategiýasy many-mazmuny boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geljekki geoykdysady landşafty baradaky garaýyşlaryna, şeýle hem Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” strategiýasyna laýyk gelýär. Şunda deňhukuklylyk, hyzmatdaşlygyň bähbitlerini nazara almak we ykrar etmek, özara bähbitlilik, medeni, ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligine hormat goýmak esasy ýörelgeler hökmünde çykyş edýär. Hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmagyny aradan aýyrmak, energetika we ulag akymlarynyň birtaraplaýynlygyndan el çekmek, olaryň giň halkara gatnaşyklar üçin diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, elýeterliligini üpjün etmek türkmen tarapynyň çemeleşmesiniň möhüm ugry bolup durýar.
Türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň baý taryhy tejribesine daýanmak, häzirki wagtda özara obýektiw bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bu iki strategiýanyň durmuşa geçirilmegi, olaryň utgaşdyrylmagy, biri-biriniň üstüniň ýetirilmegi babatda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Olaryň ikisi hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda giňişlikleri birleşdirip, özara baglaşan önümçilik we tehnologik tapgyrlary, senagat guşaklaryny kemala getirmek bilen, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, abadançylygyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygy şeýle çemeleşmäniň aýdyň mysalydyr. 2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijiniň işe girizilmegi yklymyň energetika ulgamynda gatnaşyklaryň täze arhitekturasynyň kemala gelmeginiň başyny başlady, özara bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda beýleki döwletleriň taslamasyna goşulyşmak mümkinçiliklerini açdy. Beýleki iri halkara taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem hut şu nukdaýnazardan amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda biz türkmen tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmegiň we halkara derejede iberilýän möçberini artdyrmagyň üstünde işleýäris. Türkmenistandan Owganystana hem-de Pakistana elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň gün tertibinde iri taslamalaryň ýene-de birnäçesi bar.
Beýleki bir möhüm ugur ulag bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag-logistika düzüminiň köpşahaly ulgamyny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirer. Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr. Hususan-da, gürrüň Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginiň üsti bilen Hazaryň türkmen kenaryna, şeýle-de Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogara uzaýan ulag geçelgeleri barada barýar.
Bu geçelge Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Günorta Aziýa ýurtlaryna barýan ugurlarda hem ulanylyp bilner.
Biziň tagallalarymyz ulaglaryň ähli görnüşi, şol sanda demir we awtomobil ýollary, howa gatnawlary arkaly transkontinental daşamalaryň kuwwatyny doly açmaga, baglanyşdyryjy nokatlarda logistik terminallary döretmäge gönükdirilendir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem şolaryň biri bolup biler. Biz hyzmatdaşlaryň bähbitlerine ulanmak üçin onuň kuwwatlyklaryny hödürlemäge taýýardyrys.
Halkara geçelgeleriň we logistik ulgamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerinde umumy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen ylalaşykly ulag diplomatiýasy barha uly ähmiýete eýe bolýar. Durnukly ulag ulgamynda ählumumy dialogyň başyny başlaýjylaryň biri bolmak bilen, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň tutanýerli, maksada okgunly işiniň netijesinde, Baş Assambleýa tarapyndan soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça ulag ulgamynda Kararnamalaryň altysy kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň häzirki zamanyň ýagdaýlary we dünýä ykdysadyýetiniň obýektiw islegleri bilen sazlaşýandygyny nygtamak isleýärin. Şoňa görä-de, şol strategiýanyň bu möhüm ugurda netijeli, durnukly, adalatly ulgamy döretmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň aglabasynyň bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanýaryn.
Önümçilik işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. Biziň “Ýaşyl Ýüpek ýola” garaýşymyzyň many-mazmuny şuňa esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen düzümi — howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibini oýlanyşykly we öz wagtynda ädilen ädim hasaplaýarys. Merkeziň işlemegi üçin ýurdumyzyň paýtagtynda — Aşgabat şäherinde ähli zerur bolan tehniki, guramaçylyk şertlerini hödürlemäge taýýardyrys.
Kömürturşy gazynyň, metanyň zyňyndylarynyň atmosfera ýaramaz netijelerini azaltmak we aradan aýyrmak hem Türkmenistanyň ekologiýa strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, energetika, senagat we ulag ulgamlarynda ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ulanmaga tapgyrlaýyn geçmek barada barýar. Şeýle-de ýurdumyz wodorod energiýasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň bu ädimlerini hyzmatdaşlygyň “ýaşyl” geçelgelerini döretmäge, şol sanda “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” we “Bir guşak, bir ýol” strategiýalarynyň çäklerinde möhüm goşant hasaplaýarys.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Ykdysadyýetde özara arabaglanyşyk, tehnologiýalary, tejribäni we usullary halkara derejede alyşmak dünýä ösüşiniň obýektiw meýilleri bolup durýar. Olar önümçilikde has ysnyşykly kooperasiýany, goşulyşmak babatdaky tehnologik we sanly binýatlaryň, bilelikdäki kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bularyň ählisi diňe bir tehniki babatda däl, eýsem, ählumumy derejede-de hyzmatdaşlygyň bitewi we durnukly logistikasyny döretmäge ýardam etmelidir.
Biziň pikirimizçe, häzirki wagtda “syýasy logistika” düşünjesi örän wajypdyr. Ony ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlarynydyr mümkinçiliklerini paýlaşýan döwletleriň özara gatnaşyklarynyň köpugurly ulgamy hökmünde görýärin. Şol hyzmatdaşlyk bolsa syýasylaşdyrmakdan, könelişen ideologik ýörelgelerden azat bolmalydyr, deňlige, özara hormat goýmaga we birek-biregiň bähbitlerini nazara almaga esaslanmalydyr.
Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!
Ägirt uly kuwwata eýe bolan onlarça döwletiň wekilleriniň gatnaşýan şu wekilçilikli we abraýly forumynyň bu işe hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýeterlik derejede itergi bermäge ukyplydygyna şübhelenmeýärin.
Üns berip diňläniňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin we üstünlikli işlemegi arzuw edýärin.
(Pekin şäheri, 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabry)