Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Bişkekde geçen mejlisindäki çykyşy

09:4714.10.2023
0
29683

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Ilki bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Nurgožoýewiç Žaparowa şu mejlisiň guralandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we netijeli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Biziň şu günki duşuşygymyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ählumumy we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça yzygiderli, köpugurly dialogyň dowamy bolup durýar. Arkalaşygyň formatynda döwletleriň özara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleler boýunça hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin amatly ýagdaýlary döretmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýaryn.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, onuň işine Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda gatnaşýar. Arkalaşygyň çäklerinde öňe sürýän tekliplerimiz Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginde beýan eden başlangyçlaryna doly laýyk gelýär. Munuň özi parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine degişlidir.

Soňky döwrüň halkara wakalary parahatçylygy saklamagyň, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boljakdygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Bu babatda häzirki wagtda Türkmenistan dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny we ugurlaryny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Bu başlangyjy biz Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň barşynda beýan etdik. Biziň pikirimizçe, bu strategiýa möhüm ugurlaryň üçüsini özüne birleşdirmelidir.

Birinji — bu gapma-garşylyklaryň we howplaryň öňüni almagyň, aradan aýyrmagyň, olary ýüze çykarýan sebäpleri ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleridir.

Strategiýanyň ikinji ugry syýasy hukuk dereje hökmünde oňyn Bitaraplygyň kuwwatyndan peýdalanmak bilen baglydyr. Munuň özi diplomatik serişdeleriň we usullaryň ähli görnüşini ulanmak arkaly jedelleridir gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Bu babatda Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň özboluşly halkara hukuk ýagdaýyny, toplan parahatçylyk dörediji araçyllygynyň oňyn tejribesini hem-de döwletara meseleleri dawasyz çözmäge ygrarlydygyny bellemek isleýärin.

Üçünjiden, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynda parahatçylygy üpjün etmegiň kepili hökmünde ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň ähmiýetini nazara almagy wajyp hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky çözgütleriniň ornuny nygtamak isleýärin. Wagt bu Kararnamalaryň häzirki döwür üçin hem derwaýysdygyny tassyklady. Biz strategiýanyň işlenip taýýarlanylmagyna özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk, şol sanda Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda, şeýle hem syýasy, ykdysady, ekologik, tebigaty goramak, ynsanperwer häsiýetli derwaýys meseleleri çözmek, umuman, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhüm ädim hökmünde garaýarys.

Biziň başlangyjymyz bilen BMG-niň giňişliginde döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça işi aýratyn nygtasym gelýär. Biz şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda toparyň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi, şondan soňra 2024-nji ýylda halkara maslahaty guramagy teklip etdik. GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokarda agzalan başlangyjyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyna umyt edýäris.

Şeýle hem Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylanda, biziň döwletlerimiziň bähbitleri laýyk geler diýip hasaplaýaryn. Bu institut Bitaraplyk we onuň bilen baglanyşykly meseleler boýunça seljeriş barlaglaryny geçirmek üçin netijeli meýdança bolmalydyr. Munuň üçin Aşgabatda zerur bolan ähli infrastrukturany we şertleri hödürlemäge taýýardyrys.

Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky teklipleri Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň formaty üçin derwaýys bolup durýar. Sebitiň durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşini üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara guramalaryň, maliýe-ykdysady institutlaryň ýakynlaşmagyna we tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleriňdir çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyny maslahatyň esasy maksady hasaplaýarys. Türkmen tarapy Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda bu maslahatyň birinji mejlisiniň işine gatnaşmaga çagyrýar.

Häzirki zaman dünýäsiniň terrorçylyk howpy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, adam söwdasy, GDA-nyň giňişligine radikal, ekstremistik elementleriň aralaşmagy ýaly wehimlere garşy durmak, kiberhowplar we beýleki wehimler bilen baglanyşykly meseleler boýunça mundan beýläk-de tagallalarymyzy utgaşdyrmagy möhüm hasaplaýarys. Derwaýys meseleleri çözmegiň ýollaryny gözlemek boýunça teklipleri öňe sürmek bilen, biz başlangyçlarymyzyň Arkalaşygyň çäklerinde berk we uzak möhletli parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigine, tutuş dünýäde parahatçylyk, ylalaşyklylyk diplomatiýasyny ileri tutmaga uly goşant bolup hyzmat edýändigine düşünmekden ugur alýarys.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Ykdysadyýetde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugry hasaplaýarys.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama gol çekildi. Soňra ol kabul edilen GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň esasyny düzdi. Strategiýada söwda, senagat kooperasiýasy, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda we beýleki ileri tutulýan pudaklarda ysnyşykly gatnaşyklar göz öňünde tutulýar.

Türkmen tarapynyň giň gerimli Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar düzümleýin geçelgeleri ösdürmekde energetika, ulag-kommunikasiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başyny başlan taslamalarynyň Arkalaşygyň döwletleri üçin wajypdygyna ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, biz Hazar deňzi — Gara deňiz we Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň ulag gatnawlary, şeýle hem Aýlagyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen logistik mümkinçilikleri artdyrmaga uly ähmiýet berýäris.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky ysnyşykly ynsanperwer gatnaşyklar, ozalkysy ýaly, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm we birleşdiriji şerti bolmagynda galýar. Ylym we bilim, syýahatçylyk, sport ulgamlarynda uly tejribe topladyk. Medeni alyşmalar ulgamynda hyzmatdaşlyk wajyp ugur bolup durýar.

Şu gün 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini «GDA-nyň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Türkmenistanyň goldaýandygyny habar bermek meniň üçin ýakymlydyr. Medeni paýtagtyň hormatly derejesiniň çäklerinde medeni çäreleriň geçirilmeginiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna täze itergi berjekdigine, däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge berk ygrarlydygyny tassyklamak bilen, hyzmatdaşlygymyzyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirýärin.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Nurgožoýewiçe 2023-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda netijeli başlyklyk edendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygymy beýan edýärin. Geljek ýyl GDA-da başlyklyk etjek Russiýa Federasiýasyna we Prezident Wladimir Wladimirowiç Putine üstünlikleri arzuw edýärin. Şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe biziň işimizi üstünlikli utgaşdyrandygy we şu mejlisiň netijeli geçirilmegine uly goşant goşandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin.

(Bişkek şäheri, 2023-nji ýylyň 13-nji oktýabry)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň