Turkmenportal logo
13.10.23
3865838658
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýygyndysynyň garşydaşy DÇ-2026-nyň saýlamasyndaky ilkinji oýnuny geçirdi
Türkmenistanyň ýygyndysynyň garşydaşy DÇ-2026-nyň saýlamasyndaky ilkinji oýnuny geçirdi

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň milli ýygyndysy DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyrynda «E» toparçasynda çykyş eder. Şol toparçadaky dördünji ýygyndy bolmak üçin göreşýän Gonkongyň we Butanyň ýygyndylary deslapky özara oýunlaryny geçirdiler. Gonkongda geçirilen oýun ýer eýeleriniň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Bu jübütiň jogap oýny 17-nji oktýabrda Butanda geçiriler.


Ýeri gelende ýatlatsak, 27-nji iýulda Kuala-Lumpur (Mlaýziýa) şäherinde DÇ-2026-nyň we Aziýa Kubogy — 2027-niň ikinji saýlama tapgyryna bije çekildi.


Bijä laýyklykda, hersi 4 ýygyndydan ybarat bolan 9 toparça emele geldi.


Türkmenistanyň ýygyndysy Eýranyň we Özbegistanyň ýygyndylary bilen birlikde «E» kwartetden orun aldy. Bu toparçadaky dördünji ýygyndy bolsa deslapky saýlama tapgyrynyň çägindäki Gonkong — Butan gapma-garşylygynda anyklanar.


Ikinji saýlama tapgyryna 16-njy noýabrda badalga berlip, ol 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli dowam eder.


Türkmenistanyň milli ýygyndysy ikinji saýlama tapgyrynda öz öýünde Özbegistan bilen boljak oýun arkaly girişer. Duşuşyk 16-njy noýabrda geçiriler.