Turkmenportal logo
12.10.23
2845128451
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ispaniýanyň Milli baýramy bilen Patyşa Filipp VI gutlady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ispaniýanyň Milli baýramy bilen Patyşa Filipp VI gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a we ýurduň ähli halkyna mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.


Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filipp VI-a tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ispaniýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.


Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem Ispaniýanyň Patyşasyny gutlandygy barada habar beripdik.