Turkmenportal logo
11.10.23
2977229772
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow ýakynda Türkiýede resmi saparda bolar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň­ Prezidenti Serdar Be­rdimuhamedow Türkiýe ­Respublikasynyň daşar­y işler ministri Haka­n Fidany kabul etdi.


Duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Be­rdimuhamedow ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyrjak resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.



Duşuşykdan soňra «Watan» habarlar gepleşiginiň habarçylaryna beren interwýusynda Türkiýe ­Respublikasynyň daşar­y işler ministri Haka­n Fidan Türkmenistanyň diňe bir doganlyk ýurtlaryň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkiýe Respublikasynyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň-da biridigini nygtady.


Hakan Fidan şeýle-de duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň­ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakyn wagtda Türkiýe ­Respublikasyna amala aşyrjak saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hem türkmen döwletiniň Baştutanyna maglumat berendigini, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy barada pikir alşylandygyny belledi.


Mundan başga-da, ministr Türkiýe ­Respublikasynyň Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklary dowam etmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.