Turkmenportal logo
05.10.23
6245862458
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Londona uçuş tertibini üýtgeder
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Londona uçuş tertibini üýtgeder

Noýabr aýyndan başlap Aşgabatdan Londona (Beýik Britaniýa) boljak uçar gatnawlary täze meýilnama laýyklykda amala aşyrylar. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berildi.


Aşgabat — London — Aşgabat ugrundaky uçuşlar şenbe güni amala aşyrylar. «Turkmenistan Airlines» häzirki wagtda Aşgabatdan Londona çarşenbe güni Londondaky «Stansted» howa menziline hepdelik uçuşlary amala aşyrýar.


2023-nji ýylyň noýabr aýyndan Londondaky «Hitrou» howa menziline uçuşlar amala aşyrylar.


«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçuşlary üçin awiapetekleri turkmenistanairlines.tm web sahypasyndan satyn alyp bilersiňiz.