Turkmenportal logo
04.10.23
2717727177
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kuweýtde çatynjalar üç minutdan soň aýrylyşdylar
Kuweýtde çatynjalar üç minutdan soň aýrylyşdylarSurat: gazeta.ru

Kuweýtde dünýäde iň gysga nika hasaba alyndy, ýaş çatynjalar üç minutdan soňra nikany bozdular diýip, «Rentw» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Aýrylyşmagyň sebäbi gelinlige öýlenýän ýigit tarapyndan kemsidiji sözleriň aýdylmagy boldy. Toýa gatnaşanlaryň biriniň sosial ulgamda ýazmagyna görä, ýigit gelinligini kemsitdi, ol gelinligi büdrände, «akmak» diýdi.


Netijede, jübütler nikadan 180 sekunt geçenden soňra aýrylyşýandyklaryny yglan etdiler.