Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Pars şygryýeti, edebiýaty we Şahriýary ýatlama» atly çäre geçirildi

17:3603.10.2023
0
28289

2-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandak ilçihanasy tarapyndan bu ýokary okuw mekdebi bilen bilelikde «Pars şygryýeti, edebiýaty we Şahriýary ýatlama» atly çäre geçirildi. Oňa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales, Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary, Eýranyň Medeniýet merkeziniň işgärleri hem-de pars dilini öwrenijiler gatnaşdylar.

Çärede Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales we Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli türkmen we eýran halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar, medeni umumylyklar, dil, şygryýet we edebiýat barada çykyş etdiler.

Mundan başga-da geçirilen dabaraly çärede pars şygryýeti we edebiýaty barada wideoşekil görkezildi. Eýranyň Medeniýet merkeziniň pars dilini öwrenijileri tarapyndan Şahriýaryň durmuşyna degişli sahna oýny ýerine ýetirilip, ol tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary we Eýranyň Medeniýet merkeziniň pars dilini öwrenijileri tarapyndan Magtymguly Pyragynyň hem-de Şahriýaryň goşgulary okaldy. Dabaraly çäre Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde pars dilindäki aýdym we tans bilen jemlendi. Dabaranyň ahyrynda çykyş edenleriň ählisine Eýranyň Medeniýet merkezi tarapyndan hödür-kerem edildi we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle-de, ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda eýran we türkmen halklarynyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeni gymmatlyklaryna, el işlerine bagyşlanan sergi guraldy. Sergi-de Magtymguly Pyragynyň we Şahriýaryň hem dürli dillerde neşir edilen eserleri görkezilişe çykaryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň