Ozal habar berşimiz ýaly, 29-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Owganystan boýunça Moskwa formatynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Owganystan boýunça Moskwa formatynyň bäşinji mejlisine Türkmenistan bilen bir hatarda Hytaýyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Kataryň, Täjigistanyň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň Russiýa Federasiýasynyň hem-de Owganystanyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

RIA Nowostiniň habar bermegine görä, mejlisde Owganystana wekilçilik eden Amir-Han Muttaki häzirki wagtda Owganystanda howpsuzlygyň dikeldilmegi bilen ykdysady taslamalary durmuşa geçirmegiň wagtynyň gelendigini belledi.
Şeýle-de ol: «Bikanun neşe söwdasy bilen meşgullanýan jenaýatçylaryň we terrorçylaryň hereketiniň öňüni almak üçin goňşy ýurtlar bilen serhetýaka hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy tassyklaýarys» diýip, belläp geçdi.
Mejlisiň dowamynda taraplar Owganystandaky häzirki ýagdaý, bu ýurtda we onuň töwereginde ykdysady ösüşiň geljegi, Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formaty we beýleki täsirli mehanizmler arkaly owganara milli barlyşyga ýardam etmek, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy güýçlendirmek boýunça sebitleýin tagallalary utgaşdyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, RF-iň DIM-niň Aziýa departamentiniň ikinji direktory Zamir Kabulow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşlikde şu formatdaky mejlisleriň her ýyl Kazan şäherinde geçirilmeginiň mümkindigini mälim etdi. Ol Tatarystanyň ýolbaşçylary tarapyndan degişli teklip hödürlenilen ýagdaýynda, Owganystan boýunça Moskwa formatyna gatnaşyjy taraplaryň ony kabul etmäge taýýardyklaryny nygtady.
Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjy on bäş ýurduň ön dördüsi tarapyndan bilelikdäki beýannama kabul edildi.
Ýeri gelende bellesek, Owganystan boýunça Moskwa formaty Türkmenistany, Russiýany, Hytaýy, Pakistany, Eýrany, Hindistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany hem-de Özbegistany öz içine alýar. Onuň ozalky mejlisi 2022-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilipdi.

