Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada türkmen dili öwredilip başlanyldy

10:0429.09.2023
0
39392

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde türkmen dilini öwretmek boýunça okuwlar başlandy. Okuwlara ýapon we daşary ýurtly 50-den gowrak talyp gatnaşýar diýlip, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Uniwersitetiň ýolbaşçylary bu çäräniň medeni we ynsanperwerlik pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň güýçlenmegine we giňelmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler. Türkmen dilini öwrenmek ýapon ýaşlaryna Türkmenistanyň medeniýetine we däp-dessurlaryna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine ýardam eder.

26-njy sentýabrda uniwersitete Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurda Baýramow baryp gördi. Ilçi saparyň dowamynda okuw prosesi bilen tanyşdy we Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragy barada ýazan täze goşgusyny okady.

Ozal Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde sentýabr aýyndan başlap ýapon we daşary ýurt talyplary üçin türkmen dilini öwredýän okuw dersleriniň başlanmagynyň meýilleşdirilýändigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň