Turkmenportal logo
28.09.23
2653826538
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Britaniýada bakja garantgalarynyň festiwaly geçirildi
Britaniýada bakja garantgalarynyň festiwaly geçirildi

Britaniýada her ýylky bakja garantgalarynyň festiwaly geçirildi, onda samandan edilen garantgalaryň 104-si görkezildi. Festiwal günbatar Britaniýadaky Seýnt-Pitersde geçdi we oňa daýhanlaryň ýüzlerçesi gatnaşdy diýip, «MIR 24» ýazýar.


Bu ýylky festiwal adatdakylardan has şüweleňli geçdi, oňa 10 müň adam ýygnandy diýip, guramaçylar aýdýarlar.


Bakja garantgalarynyň festiwaly 1996-njy ýyldan bäri geçirilýär, emma ol soňky üç ýylda COVID-19 ýokanjy sebäpli geçirilmedi. 2022-nji ýylda ol şa aýal Ýelizaweta II aradan çykmagy bilen baglylykda ýatyryldy diýip, «Press Association» habar berdi.