Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow «Bouygues» kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan gurluşyklaryna degişli taslamalar bilen tanyşdy

23:2026.09.2023
0
44952
Gurbanguly Berdimuhamedow «Bouygues» kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan gurluşyklaryna degişli taslamalar bilen tanyşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bouygues» kompaniýalar toparynyň baş directory Marten Buig bilen duşuşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, Aşgabatda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de bu ýerde gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerine, binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklaryna degişli taslamalar we gurluşygy dowam edýän desgalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda Aşgabadyň binagärlik keşbiniň abadanlaşdyrylmagynda möhüm orun eýelejek binalar toplumlarynyň, dürli maksatly desgalaryň otaglarynyň taslamalary bar.

Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen şekil taslamalary we binalaryň, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagynyň, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň «Bouygues» kompaniýalar toparynyň baş direktory Marten Buig bilen ýerine ýetirilýän işleriň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Meşhur fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de mundan beýläk-de ösüş arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglary we ýurduň baş baýramyna bagyşlanan dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, «Bouygues» kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilen taslamalaryň milli şähergurluşyk maksatnamalaryny amala aşyrmak, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat kuwwatyny pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi.

Duşuşygyň barşynda geljekki işler barada pikir alşyldy, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, fransuz kompaniýasynyň täze bilelikdäki taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda döwlet ähmiýetli dürli taslamalary durmuşa geçirmek babatda «Bouygues» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesiniň uzak möhletli netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, jenap Marten Buige berk jan saglyk we mundan beýläk-de işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň