Turkmenportal logo
26.09.23
2635826358
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan «ýaşyl» energiýa çeşmelerine geçmek Ýaponiýanyň tejribesini öwrenmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan «ýaşyl» energiýa çeşmelerine geçmek Ýaponiýanyň tejribesini öwrenmegi meýilleşdirýärSurat: mfa.gov.tm

Şu gün Tokio şäherinde «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde döredilen ministrler derejesindäki ykdysady we energetika dialogynyň gibrid görnüşinde birinji duşuşygy geçirildi. Mejlise türkmen tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy, döwlet ministri M.Babaýew sanly ulgam arkaly gatnaşdy.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilişine görä, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Nişimura Ýasutoşiniň alyp barmagynda geçirilen duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika we tebigy serişdeler ministrleri hem-de sebit ýurtlarynyň Ýaponiýadaky Ilçihanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


Duşuşykda türkmen tarapy howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan syýasat we çäreler barada maglumat berdi. Şeýle hem «ýaşyl» energiýa çeşmelerine geçmek we zyýanly zyňyndylary azaltmak bilen bagly amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşdyryp, olary durmuşa geçirmekde ýapon tarapynyň tejribesini öwrenmäge we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdi.


Dialogyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.