Turkmenportal logo
21.09.23
3542635426
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara awtoulag daşamalary boýunça Türkmen-gazak Iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Halkara awtoulag daşamalary boýunça Türkmen-gazak Iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmenbaşy şäherinde Halkara awtoulag daşamalary boýunça Türkmen-gazak Iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy, gazak wekiliýetine bolsa Gazagystanyň Ulag ministrliginiň Ulaglar boýunça komitetiniň başlygy ýolbaşçylyk etdi. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.


Iş toparynyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky awtoulag daşamalarynyň häzirki ýagdaýy we onuň mundan beýläk-de artmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.