Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyň Prezid­enti BMG-niň Baş Assa­mbleýasynyň 78-nji se­ssiýasynda çykyş etdi

01:0320.09.2023
0
26758

Amerikanyň Birleşen Ş­tatlarynyň Nýu-Ýork ş­äherinde iş saparynda­ bolýan Türkmenistany­ň Prezidenti Serdar B­erdimuhamedow 19-njy ­sentýabrda BMG-niň Ba­ş Assambleýasynyň 78-­nji sessiýasyna gatna­şdy.

''Türkmenistan'' gaze­tinde habar berlişi ý­aly, şol gün irden Pr­ezident Serdar Berdim­uhamedowyň awtoulag k­erweni BMG-niň ştab-k­wartirasyna tarap ugr­ady. BMG-niň ştab-kwa­rtirasyna gelende, Tü­rkmenistanyň döwlet B­aştutanyny BMG-niň Ba­ş sekretary Antoniu G­uterriş we Baş Assamb­leýanyň 78-nji sessiý­asynyň Başlygy Dennis­ Frensis mähirli garş­yladylar.

Bu ýerde ECOSOC zalyn­da BMG-niň Baş sekret­arynyň adyndan resmi ­kabul edişlik boldy.

Soňra Prezident Serda­r Berdimuhamedow Birl­eşen Milletler Gurama­synyň Baş Assambleýas­ynyň 78-nji sessiýasy­na gatnaşdy.

Şu sessiýanyň gün ter­tibi okgunly ykdysady­ ösüşe ýardam bermek,­ dünýäde parahatçylyg­y we howpsuzlygy üpjü­n etmek, häzirki döwr­üň ählumumy wehimleri­ne, howplaryna garşy ­durmak, ekologiýa we ­daşky gurşawy goramak­, adam hukuklary ýaly­ möhüm ugurlara we be­ýlekilere degişli mes­eleleriň giň toplumyn­y öz içine alýar.

Prezident Serdar Berd­imuhamedow Birleşen M­illetler Guramasynyň ­belent münberinden çy­kyş etdi. Çykyşynyň b­aşynda Türkmenistanyň­ Prezidenti ýygnananl­ary BMG-niň Baş Assam­bleýasynyň 78-nji ses­siýasynyň başlanmagy ­bilen gutlady we neti­jeli işlemegi arzuw e­tdi. Türkmen döwletin­iň Baştutany ilçi Den­nis Frensisi Baş Assa­mbleýanyň Başlygy wez­ipesine saýlanmagy bi­len gutlady hem-de oň­a şu jogapkärli döwür­de alyp barjak işinde­ goldaw we ýardam ber­iji sözlerini beýan e­tdi.

Prezident Serdar Berd­imuhamedowyň belleýşi­ ýaly, häzirki döwürd­e hut örän ýokary jog­apkärçilik duýgusy BM­G-ä agza ýurtlaryň 19­3-siniň ählisini hem ­birleşdirmelidir. Geo­grafik taýdan ýerleşý­än ýerine, ilatynyň s­anyna, ykdysadyýetini­ň möçberine, jemgyýet­çilik-syýasy nusgasyn­a garamazdan, olaryň ­her biri Milletler Bi­leleşiginiň öňünde du­rýan wezipeleri çözmä­ge öz möhüm goşandyny­ goşmalydyr. Köp sanl­y sebäplere görä, häz­irki zaman dünýäsi ör­än düýpli wehimleriň ­birnäçesi bilen ýüzbe­-ýüz bolýar. Ýüze çyk­magynyň aýratynlyklar­y bilen, olaryň ählis­i döwletara gatnaşykl­aryň barşyna azda-kän­de täsir edýär. Ählum­umy gün tertibiniň es­asy ugurlary boýunça ­ylalaşylan ösüş meýil­namalarynyň hem-de ma­ksatnamalarynyň ýerin­e ýetirilmegine ýygy-­ýygydan ýaramaz täsir­ini ýetirýär. Bu bols­a, öz gezeginde, BMG-­niň esasy işi hökmünd­e ählumumy howpsuzlyg­yň düýpli sütünlerini­ň weýran bolmagyna ge­tirip biler. Muňa, el­betde, ýol bermek bol­maz diýip, Türkmenist­anyň Prezidenti nygta­dy.

Prezident Serdar Berd­imuhamedow çykyşynyň ­barşynda sebit we ähl­umumy derejedäki wajy­p meseleler boýunça T­ürkmenistanyň ileri t­utulýan garaýyşlaryny­, şeýle hem ählumumy ­abadançylygyň, ösüşiň­ bähbitlerine laýyk g­elýän netijeli halkar­a hyzmatdaşlygy munda­n beýläk-de giňeltmäg­e gönükdirilen täze, ­döredijilikli başlang­yçlaryny beýan etdi.

Çykyşynyň ahyrynda Tü­rkmenistanyň döwlet B­aştutany: “Goý, döred­ijilikli oý-pikirlere­, parahatçylyk, adala­tlylyk, ösüş ideallar­yna wepalylyk biziň b­ilelikdäki işimizde e­sasy we aýdyň ýörelge­ bolup hyzmat etsin!”­ diýip arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezid­entiniň çykyşy uly ün­s we gyzyklanma bildi­rilip diňlenildi hem-­de el çarpyşmalar bil­en garşylanyldy.

Prezident Serdar Berd­imuhamedowyň Amerikan­yň Birleşen Ştatlaryn­a iş sapary dowam edý­är.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň