Turkmenportal logo
19.09.23
3324933249
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Demirbetonönümleri» kärhanasy agaçdan taýýarlanan önümleriň giň toplumyny hödürleýär
Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Demirbetonönümleri» kärhanasy agaçdan taýýarlanan önümleriň giň toplumyny hödürleýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiliginiň ministrliginiň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Demirbetonönümleri» kärhanasy ýurduň gurluşyk pudagy üçin önümleri öndürýär.


Kärhananyň agajy gaýtadan işleýän ussahanasynda sargyt esasynda iri göwrümli tebigy agaçdan dürli harytlar – oturgyçlar, stollar, aşhana şkaflary, şeýle hem dükanlar üçin tekjeler, egin-eşik üçin asgyçlar, agaç basgançaklar we germewler öndürilýär.



Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Demirbetonönümleri» kärhanasy importyň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň önümçiligini artdyrmak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, önümleriniň gerimini yzygiderli giňeldýär. Kärhana Türkmenistanyň senagat we gurluşyk pudaklarynyň wekilleri bilen, şonuň ýaly-da, daşary ýurtly müşderiler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyr.



Habarlaşmak üçin maglumatlar:


  • salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, 2-nji senagat zolagynyň çägi.
  • telefonlary: (+993 422) 7 98 22, (+993 422) 7 98 21, (+993 422) 7 98 68.
  • faks: (+993 422) 7 98 22.