AÇL — 2023/24: «Ahal» «Al-Feýha» garşy ak köýnekçede oýnar

18:1618.09.2023
0
48525

Şu gün — 18-nji sentýabrda, «Ahal» (Türkmenistan) — «Al-Feýha» (Saud Arabystany) oýnunyň öňýanyndaky günde Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň, futbol klublarynyň, guramaçylyk komitetiniň we degişli jogapkär bölümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşykdan öňki däp bolan ýygnak geçirildi.

Oýnuň öňüsyrasyndaky ýygnakda guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de toparlaryň meýdançada haýsy reňkli köýnekçede oýnajakdyklary kesgitlenildi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň çempiony ýer eýesi hökmünde ak köýnekçede meýdança çykar, «Al-Feýhanyň» oýunçylary bolsa mämişi köýneçede oýnarlar.

Ýeri gelende bellesek, AFK Çempionlar ligasy — 2023/24-niň brinji tapgyryndan orun alan «Ahal» — «Al-Feýha» duşuşygy 19-njy sentýabrda «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Ol agşam sagat 21:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň