Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport ulgamlarynda gazanylanlara bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler

10:3217.09.2023
0
31893

16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty hem-de beýleki möhüm ähmiýetli çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, wise-premýeriň hasabatynda 10-12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda milli saglygy goraýyş, bilim, ylym we sport ulgamlarynda gazanylanlara bagyşlanan halkara serginiň we ylmy maslahatyň guraljakdygy barada aýdyldy.

Her ýyl geçirilýän sergä derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, lukmançylyk we sport enjamlaryny, bilim tehnologiýalaryny öndürýän daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy maslahata türkmen alymlary we lukmanlary, şeýle hem olaryň daşary ýurtly kärdeşleri gatnaşar.

N.Amannepesow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigiň jemlerini jemlemegiň göz öňünde tutulýandygy barada hem aýtdy. Bellenilişi ýaly, sanly ulgam arkaly iki tapgyrda geçirilen halkara bäsleşige Türkmenistandan we dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan ýaş alymlaryň dürli ugurlara degişli ylmy-barlag işleri we taslamalary gelip gowuşdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara sergileri we maslahatlary yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň