Turkmenportal logo
13.09.23
8944889448
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy uçarbeletleriň başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär
«Türkmenistan» awiakompaniýasy uçarbeletleriň başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 3 aý möhleti bolan uçarbeletleriň ilki başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär.


Awiakompaniýanyň resmi saýtynda berilýän habara görä, resminamalar 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabryna çenli aşakdaky salgyda kabul edilýär: Howa menzili, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.
Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Dalaşgär üçin gerekli resminamalardyr maglumatlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312-37-85-50; +99312-37-85-41