Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Şa Nur» dükany: mebel üçin örtgi matalarynyň we esbaplaryň dürli görnüşleri

11:0412.09.2023
0
32478

«Şa Nur» örtgi matalarynyň dükanynda mebelleri örtmek üçin matalaryň hem-de degişli esbaplaryň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Bu ýerde diwanlar, kürsüler, oturgyçlar, pufikler we beýleki mebel görnüşleri hem-de otagyň bezegi üçin matalaryň görnüşlerini – welýur, şenil, mikrofibra, gobelen, üsti derä ýa-da zamşa meňzeş matalary, dürli şekiller çekilen matalary, şeýle hem emeli derini satyn almak mümkindir.

Şeýle hem açyk howada ýerleşdirilýän mebel üçin sintetiki matalar hödürlenýär – olar adaty matalardan suwa garşy ýokary durnuklylygy bilen tapawutlanýarlar, mundan başga-da, olary arassalamak aňsatdyr we mehaniki zeperlenmelere çydamlydyrlar.

Matalaryň reňkleriniň we düzümleriniň giň görnüşleriniň bolmagy nusgawydan lofta we minimalizme çenli, şeýle hem çagalar otaglary we aşhanalar üçin islendik stilde mebel döretmäge mümkinçilik berýär.

Matalardan başga-da, «Şa Nur» dükanynda ýumşak mebel taýýarlamak ýa-da abatlamak üçin esbaplaryň we enjamlaryň köp sanly görnüşleri: ilikler, örülen bezeg jähekleri, bezeg çüýleri, mebel daşlyklaryny tikmek üçin sapaklar, metaldan ýasalan bezeg önümleri, berkitmek üçin gurluşlar, şeýle hem gaýçylar we beýlekiler hödürlenýär.

Dükandaky matalaryň käbir görnüşleri mebelleri örtmek üçin hem, perdeler hökmünde hem ulanylyp bilner, bu otagyň diňe bir rahatlygyny we gözelligini artdyrman, eýsem, ony Gün şöhlelerindenem gorar.

«Şa Nur» müşderilerine Aşgabatdaky Gurtly ýaşaýyş toplumyna garaşýar; dükanyň takyk ýerleşýän ýerini bilmek üçin QR koduny skanirläň.

Şeýle hem hödürlenýän önümleriň görnüşleri dükanyň sosial ulgamdaky sahypasynda hem ýerleşdirilendir.

Habarlaşmak üçin telefon: (+993 63) 37 69 99.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň