Turkmenportal logo
09.09.23
4084640846
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) ýanyndaky wekili M.Maşalow Assosiasiýanyň 43-nji mejlisiniň we ugurdaş ýygnaklarynyň jemleri boýunça geçirilen brifinge gatnaşdy.


7-nji sentýabrda bolan brifingiň dowamynda ASEAN-yň Baş sekretary doktor Kao Kim Hurn bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýollary, şeýle hem bu ugurda geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy.


Habarda bellenilişi ýaly, 8-nji sentýabrda M.Maşalow ASEAN-yň Baş sekretarynyň orunbasary Maýkl Tene bilen hem duşuşdy.

Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy | Turkmenportal.com