4-5-nji sentýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşi boýunça döwletara komissiýasynyň Konsultatiw geňeşiniň üçünji mejlisi geçirildi.
«nCa» internet portalynda habar berlişi ýaly, duşuşyga Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşky gurşawy goramak boýunça edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda diňlenilen çykyşlarda häzirki wagtda möhüm meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolunýandygy, şunuň bilen baglylykda ähli bilelikdäki mümkinçiliklerden peýdalanyp, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ugrundaky meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy aýdyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, bu mejlis Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşi boýunça döwletara komissiýasynyň Konsultatiw geňeşiniň iş meýilnamasyna we onuň öňki mejlisiniň kararlaryna göz saýlamagy, şeýle hem durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebit maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýär.
Çäräniň dowamynda Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik merkeziniň (CAREC) ýerine ýetiriji müdiri Zafar Mahmudow hem çykyş etdi.
Duşuşyk 14-15-nji sentýabrda Täjigistanyň Duşanbe şäherinde geçiriljek Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznanyň (IFAS) döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda möhüm ädim bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşi boýunça döwletara komissiýasynyň Konsultatiw geňeşiniň kararlaryna gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy.