Turkmenportal logo
08.09.23
1829018290
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Hywada geçirilýän Halkara etnosport festiwalyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Hywa şäherinde geçirilýän Halkara etnosport festiwalyna gatnaşýar. Bu barada «Sputnik Uzbekistan» habar berýär.



Halkara sport festiwalynda türkmen türgenleri dünýäniň 63 döwletinden gelen 1800-den gowrak bäsdeşleri bilen restling, pälwanlaryň oýunlary, ýaýdan ok atmak, guşakly göreş, daş götermek, owlakgapdy ýaly birnäçe etniki sport görnüşleri boýunça güýç synanyşarlar. Halkara festiwala Türkmenistan bilen bir hatarda Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Müsüriň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Eýranyň, Pakistanyň, Ysraýylyň, Hindistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Kanadanyň hem-de Gruziýanyň wekiliýetleri gatnaşýar.


Düýn — 7-nji sentýabrda başlanan Halkara etnosport festiwaly 10-njy sentýabra çenli dowam eder.