Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Esasy Sebäp» HK gozgalmaýan emläk meseleleri boýunça hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär

10:4907.09.2023
0
33916

«Esasy Sebäp» hususy kärhanasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly dürli görnüşli amallary ýerine ýetirmek boýunça öz hyzmatlaryny hödürleýär.

«Esasy Sebäp» öýi ýa-da jaýy satyn almaga ýa-da satmaga, ýaşaýyş jaýyny ýa-da ofis otagyny kärendesine almaga ýa-da bermäge kömek eder. Gozgalmaýan emläk boýunça giňişleýin maglumatlar binýady (arzan we saýlama öýler, kottejler, bir gatly jaýlar, ofis otaglary üçin meýdançalar) müşderileriň islendik islegleri boýunça iň amatly nusgalary tapmak meselelesini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem «Esasy Sebäp» gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly islendik resminamalary taýýarlamakda hyzmatdaşlyk etmegi teklip edýär: satyn almak we satmak, hususylaşdyrmak, sowgat bermek, miras goýmak, mirasy resmileşdirmek, patentleri resmileşdirmek, ýitirilen gozgalmaýan emläk resminamalaryny dikeltmek.

«Esasy Sebäbiň» beýleki hyzmatlarynyň hatarynda islendik çylşyrymlylykdaky we göwrümdäki öýleri hem-de ofisleri abatlamak, şol sanda bezemek işleri hem bardyr.

«Esasy Sebäp» HK işleriň ähli görnüşlerini ýokary hilli, gysga wagtyň içinde we amatly bahalaryndan ýerine ýetirýär. Töleg öňünden tölemezden, nagt däl görnüşde kabul edilýär.

Kärhananyň ofisi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, Parahat-7/2 kiçi etrapçasy, 6-njy jaý.

Habarlaşmak üçin telefon: (+993 65) 97 20 55.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň