Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda güýzlük bugdaýyň ekişine badalga berildi

22:5806.09.2023
0
31262

Şu gün Türkmenistanda güýzlük bugdaýyň ekişine girişildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurduň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler we göwnejaý taýýarlanylan topraga: «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, nobaty mehanizatorlara berdiler.

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Halal zähmet uçguny” daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň “Arkaç”, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň “Türkmenistan”, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Zarpçy” daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi.

Maslahatlarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmeklige, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýurduň obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň hem-de döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň sergisi-de guraldy. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli, aýdym-saz we folklor toparlary konsert maksatnamasyny taýýarladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň