Soňky habarlar

Arhiw

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri – 2023» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

17:4406.09.2023
0
35351

Şu gün Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda zehinli çagalaryň arasynda guralýan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de welaýatlardan zehinli çagalaryň 21-si gatnaşdy.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlara iberen Gutlagy okaldy. Bäsleşigiň saýlama tapgyrlary ozal şäherlerde, etraplarda, welaýatlarda badalga alyp, birnäçe tapgyrda geçirildi. Olaryň netijesinde bolsa iň zehinliler kesgitlenildi. Bäsleşigiň şu günki jemleýji tapgyryna aýry-aýry aýdymçylar, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary gatnaşdylar. Olar ýörite düzülen konsert meýilnamasy esasynda çykyş etdiler.
Şeýlelikde, eminler toparynyň gelen netijesine görä,

  • Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Maksat ogly Maksadow;
  • Arkadag şäherindäki 10-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Aýkäbe Şöhratmyradowna Allalyýewa;
  • Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 42-nji orta 7-nji synp okuwçysy Jumamuhammet Serdarowiç Serdarow;
  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Kerem Hangeldiýewiç Hangeldiýew;
  • Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ogulbahar Pirgulyýewna Hojaberdiýewa;
  • Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Umytjan Begendikowiç Begendikow;
  • Mary welaýatynyň Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Selim Döwranowiç Berdiýew ýeňijiler hökmünde yglan edildi.

Sungatyň ýaş wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de degişli Diplom gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň