Turkmenportal logo
05.09.23
2704927049
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispan futbolynyň weterany «Sewilýa» dolandy
Ispan futbolynyň weterany «Sewilýa» dolandy

Geçen möwsümi PSŽ-de geçiren Serhio Ramos 18 ýyldan soň ilkinji klubuna, “Sewilýa” dolandy.


37 ýaşyndaky tejribeli goragçy andalusiýalylar bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. «Sewilýa» topary oňa şol 1 ýyl üçin 1 million ýewro hak tölär. Karýerasynyň agramly bölegini «Real Madridde» geçiren Ramos bu toparda 16 möwsümde 671 oýunda 101 goly derwezä girizdi.


2003-nji ýylda «Sewilýa Atletiko» klubunda futbola başlan Ramos «Sewilýa» toparynda 1,5 möwsüm oýnady. Soňky 2 möwsüm PSŽ-de çykyş eden Ramos karýerasy boýunça klublarda 112, milli toparda-da 180 duşuşykda 23, jemi 135 gol geçirdi. Birnäçe hüjümçiden köp gol geçiren Ramos 29 kubok gazandy.