Turkmenportal logo
01.09.23
3510435104
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropa ligasynda toparçalaýyn tapgyryň bijeleri çekildi
Ýewropa ligasynda toparçalaýyn tapgyryň bijeleri çekildi

Şu gün Monako şäherinde Ýewropa ligasynyň 2023 — 2024-nji ýyllar üçin möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bije çekişlige gatnaşan 32 topar öz aralarynda 8 toparça bölündiler.


Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna 21-nji sentýabrda, pleý-off tapgyryna bolsa 2024-nji ýylyň fewralynda badalga berler. Ýewropa ligasynyň final duşuşygy 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Irlandiýanyň «Dublin» şäherinde geçiriler. Ýaryşyň häzirki çempiony Ispaniýanyň «Sewilýa» futbol toparydyr.


UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň 2023 — 2024-nji ýyllar üçin möwsüminiň bije çekişliginiň netijeleri:


  • «A» toparça: «West Hem», «Olimpiakos», «Fraýburg», «Baçka Topola»;
  • «B» toparça: «Aýaks», «Marsel», «Braýton», AEK;
  • «C» toparça: «Reýnjers», «Betis», «Sparta», «Aris» Limasol;
  • «D» toparça: «Atalanta», «Sporting», «Şturm», «Rakuw»;
  • «E» toparça: «Liwerpul», LASK, «Ýunion», «Tuluza»;
  • «F» toparça: «Wilýarreal», «Renn», «Makkabi» Haýfa, «Panatinaikos»;
  • «G» toparça: «Roma», «Slawiýa», «Şerif», «Serwett»;
  • «H» toparça: «Baýer», «Karabah», «Molde», «Heken».