Turkmenportal logo
30.08.23
3167131671
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa Federasiýasyndan Türkmenistana hoşallyk haty geldi
Russiýa Federasiýasyndan Türkmenistana hoşallyk haty geldi

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi Türkmenistana hoşallyk hatyny iberdi. Hatda tebigy hadysa zerarly ejir çeken Primorskiý kraý sebitinde ýaşaýan çagalara Türkmenistanyň iberen ynsanperwerlik kömegi üçin çuňňur hoşallyk beýan edilýär.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hoşallyk hatynda dostluk we birek-biregi goldamak ruhundaky bu kömege çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nyşany hökmünde garalýandygy nygtalýar.