Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Çeper» tikin fabriginde 10 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi

13:3530.08.2023
0
22282

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde şu ýylyň ýedi aýynda 10 million 212 müň manatlyga golaý önüm öndürilip, göz öňünde tutulan meýilnama 105,9 göterim berjaý edildi. Fabrikde öndürilýän önümleriň aglaba bölegi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar.

Şu ýylyň dowamynda ýurduň senagat, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň, şonuň ýaly-da harby edaralarynyň buýurmalaryna laýyklykda öndürilen tikin önümleriniň mukdary ep-esli artdy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, «Çeper» tikin fabriginiň bölek-satuw üçin täze biçüwdäki bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri ýurduň Dokma senagaty ministrliginiň welaýatyň çäginde ýerleşýän ýörite dükanlary arkaly ilata ýetirilýär.

Häzirki wagtda kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan fabrikde 200-e golaý görnüşli tikin önümleri öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän çaga egin-eşikleri, dürli möçberdäki ýorgan-düşekler ilat arasynda uly islegden peýdalanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň