Turkmenportal logo
27.08.23
3734237342
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Abu-Dabiniň welosiped klubunyň wekilleri Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna baryp gördüler
Abu-Dabiniň welosiped klubunyň wekilleri Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna baryp gördüler

Türkmenistanyň we BAE-niň welosipedçileri bilelikde Aşgabatda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçdiler.


Bu okuw-türgenleşigiň çäklerinde daşary ýurtly welosipedçiler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna baryp gördüler. Myhmanlar türkmen däplerine görä, duz-çörek bilen mähirli garşy alyndy.


Onuň çäklerinde myhmanlar institutyň döredilen mümkinçilikleri hem-de türkmen türgenleriniň dünýä hem-de yklym derejesinde gazanan ýeňişleri bilen tanyşdyryldy. Abu-Dabiniň welosiped klubunyň wekilleri institutyň sport toplumlarynyň häzirki zaman halkara standartlaryna laýyklykda enjamlaşdyrylandygyny bellediler. Bu ýerde okuw-türgenleşik sapagy üstünlikli geçirildi.


Şeýle türgenleşikler Olimpiýa şäherçesinde we Köpetdagyň etegindäki ýollarda hem alnyp baryldy. Gökderäniň gözellikleri bolsa myhmanlary haýran galdyrýar. Türgenler her gün 60-dan 110 kilometre çenli bolan menzili külterleýärler.


Bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy diňe türgenleriň kämilleşmegini şertlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň hem-de BAE-niň halklarynyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem möhüm many-mazmuna eýedir.