Turkmenportal logo
25.08.23
5349553495
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy gurlar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy gurlar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 7 aýyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi.


Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Bilim ministrligine Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda 5 müň orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany institutyň binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.


"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.