Turkmenportal logo
25.08.23
4392143921
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Şahsy pensiýalary bellemek boýunça topar döredildi
Türkmenistanda Şahsy pensiýalary bellemek boýunça topar döredildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Şahsy pensiýalary bellemek boýunça ýörite topar döredildi we ol toparyň düzümi, şeýle hem şahsy pensiýalary bellemegiň Tertibi tassyklanyldy. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsy pensiýa bellemegi düzgünleşdirmek maksady bilen, şeýle-de Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 40-njy maddasyna laýyklykda kabul edildi.