Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kinematograflary geljek hepde Astrahana barar

14:5924.08.2023
0
30467

Geljek hepde Magtymguly Pyragy baradaky filmiň surata düşürilişine gatnaşmak üçin türkmen kinematograflary Astrahana barar. Bu barada Astrahanda sebitiň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Bilbil Babaýewanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde mälim edildi diýip, sebitiň habarlar portaly habar berýär.

— Biz türkmen kinematograflary üçin Funtowo obasyna baryp görmegi we oba ýaşululary bilen gürrüňdeş bolmagy, şeýle hem W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde surata düşürmegi öz içine alýan giň maksatnama taýýarladyk. Täze çykjak filmi döredijilere iň ýokary goldawy bermäge çalşarys – diýip, Golowkow aýtdy.

Belläp geçsek, Bilbil Babaýewa Astrahana «Hazar möwsümleri» nusgawy sungat festiwalynyň hormatly myhmany hökmünde gatnaşýar. Habar berşimiz ýaly, bu halkara festiwala Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşýar.

W.Golowkow Astrahan sebitinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge uludan taýýarlyk görülýändigini aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Astrahan üçin Hazar sebitindäki möhüm hyzmatdaşydygyny belledi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapyna Astrahan sebitinde geçirilen halkara derejeli medeni çäreler barada habar berildi. Şeýle hem özara gezelenç çärelerini guramak we 2024-nji ýylda Astrahan sebitindäki hem-de Türkmenistandaky möhüm medeni çärelere sungat işgärlerini gatnaşdyrmagyň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen kinematograflarynyň Astrahana gelmegi barada W.Golowkow bilen Astrahandaky türkmen ilçisi N.Gölliýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda W.Golowkow film surata düşürýän topara zerur bolan ähli goldawyň beriljekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň