20-nji awgustda Astrahandaky türkmen konsuly Nury Gölliýew bilen sebitiň Daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkowyň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Astrahan sebitinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli görülýän taýýarlyklar çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Astrahanyň Daşary gatnaşyklar ministrligi habar berýär.
W.Golowkowyň belleýşi ýaly, ýakyn günlerde Astrahanyň Ülkäni öwreniş muzeýinde «Beýik türkmen şahyry, akyldary we wagyzçysy Magtymguly Pyragynyň ruhy mirasy: taryh we döwrebaplyk» atly pudagara «tegelek stol» duşuşygynyň geçiriljekdigini, şeýle hem Astrahan sebitiniň N.K.Krupskaýa adyndaky ylmy kitaphanasynda, Halk medeniýetiniň ylmy-usulyýet merkezinde we Astrahan döwlet uniwersitetinde edebi-sazly agşamlaryň hem-de Ýaşlaryň işleri boýunça sebitleýin gullugyň howandarlygynda şygryýet duşuşyklarynyň guraljakdygyny aýtdy.
Türkmen diplomaty Nury Gölliýew hem öz gezeginde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň toparynyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan dokumental filme sýužet taýýarlamak üçin Astrahana gelmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Wladimir Golowkow aşgabatly kinematograflara ähli zerur ýardamyň beriljekdigine ynandyrdy.