Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wan kölüniň düýbünden gadymy türkmen şäherçesiniň galyndylary tapyldy (suratly)

10:4922.08.2023
0
74200
Wan kölüniň düýbünden gadymy türkmen şäherçesiniň galyndylary tapyldy (suratly)
Surat: Turkmenportal / Georgiy Aslanyan

Türk arheologlary Wan kölüniň düýbünden gadymy şäherçäniň gark bolan harabalyklaryny we Osman imperiýasyny esaslandyran türkmenleriň gaýa taýpasynyň tagmalary ýazylan gonamçylygy tapdylar.

Wan köli ermeni daglarynda ýerleşýän duzly suw howdanydyr. 2017-nji ýylda arheologlar onuň düýbünden uzynlygy azyndan bir kilometre, beýikligi dört metre çenli bolan galany tapdylar.

«Arehologlar indi 23 metr çuňlukda şäherçäni tapandyklaryny habar berdiler. Olar onuň gapdalynda syrlara baý bolan gonamçylygyň hem üstünden bardylar» diýip, «Naked-Science» rus neşiri ýazýar.

Mazar daşlarynyň käbiri hristian haçlary, käbirleri bolsa Osman imperiýasyny esaslandyran türkmenleriň gaýa taýpasynyň tagmalary bilen bellenilipdir.

«Hristian haçlarynyň we gaýa türkmen taýpasynyň tagmalarynyň orta asyr gonamçylygynda şeýle ýakyn ýerleşmegi örän täsin hadysadyr.

Munuň özi Osman imperiýasynyň welaýatlaryndaky ýaşaýyş barada biziň juda az bilýändigimizi görkezýär» diýip, neşirde bellenilýär.

Rus ylmy neşiriniň hem ýazmagyna görä, gaýy taýpasy Oguz hanyň Gün han atly oglundan gaýdýan iň gadymy türkmen taýpalarynyň biridir. Oguzlar ýazuw çeşmelerini işjeň ulanman, esasan, tagmalara uly üns beripdirler. Esasy tagma hökümdar tarapyndan geýilipdir, şol bir wagtyň özünde taýpanyň ähli emläkleri hem şol bir nyşan bilen bellenilipdir.

Surat: Naked Science

Alymlaryň seljermelerine görä, ilkibaşda Merkezi Aziýada ýaşan gaýy taýpasy XIII asyrda döwrüň çylşyrymly wakalarary esasynda Kiçi Aziýa göç edipdir. Ol ýerde bolsa Wizantiýa bilen söweşýän Konýa soltanlygyna harby ýardam edip, soltan tarapyndan Anadolynyň demirgazyk-günbataryndaky ýerleriň özlerine berilmegini gazanypdyrlar. Taýpanyň baştutanlygyna Osman I-niň geçmegi bilen bolsa öz eýeleýän ýerlerini giňeldip başlapdyrlar we 1299-njy ýylda Osman imperiýasyny esaslandyrypdyrlar. Bu imperiýa 1453-nji ýyla çenli tutuş Kiçi Aziýany öz tabynlygyna alypdyr. Şol döwürlerden başlap gaýy taýpasy osmanlylar diýlip atlandyrylyp başlapdyr. Emma olaryň tagmalary üýtgewsiz galypdyr.

Osmanlylaryň musulman bolandyklaryna garamazdan, olar uzak wagtlap hristianlar — ermeniler we assiriýalylar bilen oňşukly ýaşapdyrlar. Şeýle-de bolsa, bu halklaryň bilelikde ýaşandyklaryny, ýöne biri-birlerine bagly däldigini bellemelidiris. Şeýlelikde, kölüň düýbünden tapylan gymmatlyklar türkmen milletiniň taryhynyň örän gadymydygyny we bu barada alymlaryň nobatdaky ylmy seljermelerini dowam etdirilmelidigini görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň