Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Anyk Teklip» HJ sargyt esasynda aýna diwarlary, taplanan aýnadan gapylary, ýüz görülýän aýnalary we beýlekileri ýasaýar

09:4815.08.2023
0
23391

«Anyk Teklip» hojalyk jemgyýeti aýnadan, plastikden we alýuminden taýýarlanan önümleriniň giň toplumyny hödürleýär.

«Anyk Teklip» sargyt esasynda aýnadan, alýumin we plastik profillerinden penjireleriň çarçuwalaryny, gapylary hem-de otaglaryň arasyndaky diwarlary, taplanan aýnadan gapylary, ýüz görülýän aýnalary we aýna mozaikalaryny, metaldan germewleri (perila) we haýatlary, şeýle hem aşhana «örtüklerini» we reňkli aýnadan witražlary taýýarlaýar.

Içki gapylar, duş kabinalary üçin gapylar hem-de aşhana «örtükleri» ýörite usulda gaýtadan işlenilen aýnadan taýýarlanylýar: aýna listi ilki güýçli gyzdyrylýar, şonuň esasynda hem onuň ýüzünde erän aýnanyň inçe gatlagy emele gelýär, soňra bolsa ol çalt sowadylýar. Gatan gatlak aýna ýokary berklik berýär, ol urgulara, çyzylmalara we temperaturanyň üýtgäp durmagyna çydamly bolýar. Müşderiniň islegine görä, şeýle aýnanyň ýüzüne ultramelewşe çap usulynda surat çekilýär.

Şeýle hem «Anyk Teklip» uly giňişlikleri zolaklara bölmek üçin diwarlary, plastik gapylary hem-de alýuminiýden we PWH-dan islendik ululykdaky we hatda adaty däl açyklyklar üçin hem penjireleri öndürýär.

Kärhananyň ähli önümleri Türkiýede we Hytaýda öndürilen häzirki zaman enjamlarynda taýýarlanylýar. Taýýar önümler müşderä Aşgabadyň çäginde mugt eltilip berilýär, Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryna hem eltip bermek hyzmatyny guramak mümkindir (hyzmat tölegli).

«Anyk Teklibiň» önümleri bilen şu salgyda has içgin tanşyp bilersiňiz: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, senagat zolagynyň çägi, Zerger köçesi, 3-nji jaý.

Telefonlar: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.

Elektron poçta salgysy: anykteklip@mail.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň