Maliýe gözegçiligi boýunça türkmen hünärmenleri töwekgelçiligi bahalandyrmak we hukuk hyzmatlaryna, şeýle hem gozgalmaýan emläk pudagyna gözegçilik etmek boýunça halkara okuw-maslahatlaryň ikisine işjeň gatnaşdylar. Çäreler Maliýe gözegçiligi boýunça halkara okuw we usulyýet merkezi tarapyndan guralyp, wideokonferensiýa arkaly geçirildi diýip, «БЕЛТА» habar berýär.
Şeýle hem seminarlara Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan hünärmenler gatnaşdy. Oňa gatnaşyjylar milli töwekgelçiligi bahalandyrmakda, şeýle hem töwekgelçilige esaslanýan çemeleşmäni ulanyp, hukuk hyzmatlaryna we gozgalmaýan emläk pudaklaryna gözegçiligi guramakda amaly tejribäni ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanly wekiller bu ugurda gazanan üstünliklerini paýlaşdylar, şeýle hem beýleki ýurtlar bilen mundan beýläkki hyzmatdaşlyga we tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirdiler.