Turkmenportal logo
14.08.23
3627836278
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AŞTU şu ýylyň alty aýynda «Call center» hyzmaty boýunça 1 million 186 müňe golaý jaňa hyzmat etdi
AŞTU şu ýylyň alty aýynda «Call center» hyzmaty boýunça 1 million 186 müňe golaý jaňa hyzmat etdi

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ kärhanalar we guramalar tarapyndan «Call center» hyzmatynyň ulanylmagynyň ýarym ýyllyk netijelerini hödürledi.


Bu hyzmat giň müşderi binýady bolan kompaniýalar ýa-da guramalar üçin köp sanly jaňlaryň gaýtadan işlenmegini ýeňilleşdirmek üçin döredildi. Bu telefon liniýasyna gelýän jaňlaryň köpdügine garamazdan, elmydama elýeterli bolan şol bir telefon belgisine gelýän birnäçe jaňlara birbada hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.


2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 1-nji iýuly aralygynda AŞTU-nyň müşderileriniň «Call center» hyzmatyna birikdirilen belgilerine jemi 1 million 185 müň 922 jaň geldi. Hyzmatyň işgärleri bilen telefon gepleşikleriniň umumy dowamlylygy 1 million 874 minuda deň boldy.


AŞTU-nyň «Call center» hyzmatyndan peýdalanan müşderileriniň hatarynda IT kompaniýalary, Aşgabat şäheriniň dermanhana pudagynyň wekilleri, agyz suwuny öndürijiler we üpjün edijiler, emeli hemra teleýaýlymy we wideo striming hyzmatlaryny üpjün edijiler bardyr.


«Aşgabat şäher telefon ulgamy» her gün telefon arkaly köp mukdarda maglumatlary gaýtadan işlemäge mejbur bolýan kompaniýalara we kärhanalara «Call center» hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär. AŞTU bu hyzmaty birikdiren her bir guramany 2-den 30-a çenli operator bilen üpjün edýär. Müşderiler bilen üznüksiz aragatnaşyk üçin 2-3 telefon belgisi ýeterlikdir. Zerurlyk bolan ýagdaýynda, hyzmat bir aýa çenli synag tertibinde birikdirilýär.


«Call center» hyzmatyny birikdirmek boýunça has giňişleýin maglumat almak üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutmak maslahat berilýär: (+993 12) 49 58 00, (+993 12) 42 04 22.


Şeýle-de okaň: