Turkmenportal logo
14.08.23
1684716847
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aýdymçy Beýonsäniň hormatyna baýramçylyk döredildi
Aýdymçy Beýonsäniň hormatyna baýramçylyk döredildi

Aýdymçy zenan Beýonsäniň hormatyna ABŞ-nyň Atlanta şäheriniň häkimiýetleri 11-nji awgusty Beýonsäniň güni hökmünde atlandyrmak kararyna geldiler. Bu barada «UPROXX» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


Häzirki wagtda aýdymçy «Renaissance Tour» atly dokuzynjy konsert tapgyry bilen ýurdy aýlanýar, ol 1-nji oktýabrda tamamlanar.


2023-nji ýylyň fewralynda aýdymçy zenan «Gremmi» aýdym-saz baýragyna dört ugur boýunça mynasyp boldy. Ol häzirki günde bu baýraklaryň iň köp eýesidir, Beýonsäniň toplumynda «Gremmi» heýkeljikleriniň 32-si bar.