Turkmenportal logo
12.08.23
1802318023
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: «Arkadag» topary ikinji aýlawa ýeňiş bilen başlady

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji aýlawyna hem ýeňiş bilen başlady. Şu gün paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda «Köpetdagy» kabul eden «Arkadag» topary 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy.


Bäş golly duşuşykda ilkinji pökgini 22-nji minutda «Arkadag» toparynyň futbolçysy Şanazar Tirkişow geçirdi. 49-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan Begmyrat Baýow ýer eýelerini 2:0 hasabynda öňe çykardy.


Duşuşygyň soňky üç goly üçin bolsa toparlara bary-ýogy dört minut gerek boldy. 80-nji minutda Aly Zülfakaryň geçiren goly bilen «Köpetdag» arany bir gola çenli ýygran hem bolsa, 82-nji minutda «Arkadag» üçünji goluny hem geçirdi. Bu gezek Meýlis Durdyýew tapawutlandy. «Köpetdag» bolsa bu gola 83-nji minutda ýene bir gol bilen jogap berdi. Ýöne şol minutda Döwletmyrat Seýitmuhammedowyň geçiren golundan soň «Köpetdagyň» futbolçylaryna hasaby deňlemek başartmady.


Bu duşuşykdan soň utugyny 27-ä çykaran «Arkadag» futbol topary ikinji orundaky «Nebitçi» bilen 5 utuklyk aralygy gorady. 17 utukly «Köpetdag» bolsa bassyr ikinji utulyşyndan soň dördünji basgançakda galdy.


Türkmenistanyň futbol çempionaty - 2023. 12-nji tapgyr.


12.08.2023 ý. "Nusaý" stadiony (Aşgabat)


«Arkadag» – «Köpetdag» – 3:2


Gollar: 22 Şanazar Tirkişow, 49 (11 m.j.u.) Begmyrat Baýow, 82 Meýlis Durdyýew – 80 Aly Zülfakar, 83 Döwletmyrat Seýitmuhammedow.