Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda Abaýyň güni bellenildi

09:0012.08.2023
0
26239

Gazagystanda milli şahyr Abaýyň güni bellenildi diýip, «MIR 24» habar berdi. Şu ýyl magaryfçy şahyryň doglan gününiň 178 ýyllygy baýram edildi. Ýurduň şäherlerinde konsertler, çeper okaýyşlar we döredijilik duşuşyklary geçirildi.

Gazagystanyň Milli kitaphanasynda şahyryň ähli eserleri we oňa bagyşlanan işler saklanýar, bu ýerde «Açyk gapylar» güni guraldy.

XIX asyryň ortalarynda doglan şahyryň hakyky ady Ibragim bolup, oňa Abaý adyny enesi dakypdyr. Abaý Kunanbaýew 200-den gowrak eser— goşgulardyr aýdymlary miras goýdy.

Gazaklar şahyry öz ruhy halypasy hasaplaýarlar. Ol eserlerinde halkyny özgerişliklere, batyr we dogruçyl bolmaga çagyrypdyr.

Abaý dünýä edebiýatynyň Baýron, Gýote, Puşkin ýaly söz ussatlarynyň eserlerini gazak diline terjime edipdir. XIX asyrda onuň terjimesindäki Tatýananyň Onegine haty gazak sährasynda halk aýdymyna öwrülipdir.

Abaýyň güni bilen bagly ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gazak halkyny gutlady. Onda: «Beýik şahyr milletiň ruhy ösüşine ägirt uly goşant goşdy. Onuň nesihatlary ösüp gelýän ýaş nesil üçin ahlak ýörelgesidir. Biziň borjumyz – Abaýyň bahasyny ölçäp bolmajak mirasyna hormat goýmakdyr» diýilýär.

Astanadaky şahyryň ýadygärligine ter gül desseleri goýuldy, çärä jemgyýetçilik wekilleridir daşary ýurt ilçihanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Abaýyň güni mundan üç ýyl öň döredildi.

Braziliýanyň paýtagty Rio-de-Žaneýroda gazak şahyrynyň hormatyna ýadygärlik heýkeli açyldy diýip, «Habar 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň