Turkmenportal logo
11.08.23
3840738407
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli düzümleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi
Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli düzümleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

Şu gün onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar mundan beýläk hem möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini bellediler.


Habarda bellenilişine görä, döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara we sebit guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy nygtaldy.